«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly açylmagy mynasybetli hoşallyk ýygnagy geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.