Gurbanguly Berdimuhamedowa “Ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly goşandy üçin” baýrak gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde “Atçylygy ösdürmäge uly goşandy üçin” hormatly baýragy we “Ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşandy üçin” şahadatnamasy bilen sylaglandyryldy. Abraýly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy 5-nji sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde halkara atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň dowamynda boldy.