Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat berildi
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Azerbaýjan respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen türkmen-azerbaýjan ýokary derejeli gepleşikleri tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. «Zagulba» köşgüniň ýörite otagynda wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan bu dabara Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň sowgat berilmegine bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.