Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde anna güni Rim şäherindäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.
2025-nji ýylyň 23-nji oktýbrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Türkmenistanda deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen ulag we energetika ugurlarynda, daşky gurşawy goramak hem-de “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýar diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa duşenbe güni Lýuksemburgda geçirilen sebitleýin birikdiriş meselelerine bagyşlanan ministrler duşuşygynda aýtdy. Duşuşyk ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirildi.
Russiýa Federasiýasyna resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna baryp gördüler we ol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT 2025) çarşenbe güni öz işine başlady.
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara konferensiýa we sergi (CIET-2025) geçiriler. Oňa Ýaponiýa, Türkiýe, Günorta Koreýa, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki ýurtlardan 300-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy habar berilýär.
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi.
Malaýziýanyň halkara söwda we senagat palatasy (Malaysian International Chamber of Commerce and Industry) bilen Malaýziýanyň kiçi telekeçilik konsorsiumynyň (Malaysian Consortium of Mid-Tier Companies) bilelikde guramagynda, ASEAN ýurtlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen, olaryň araçäkleriniň amatly ýol-ulag ugurlaryny öwrenip, gelejekde ony ösdürmek boýunça halkara maslahaty gurnalyp geçirildi. Seminara Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri hem-de agzalan edaralaryň ýolbaşçylary, hususy telekeçiler we işewür adamlar gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň 13-16 oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Telekommunikasiýalar we sanly hökümetiň düzgünleşdiriş edarasynyň (TDRA) çakylygy boýunça Dubaý şäherinde geçirilen halkara tehnologiýa sergisine we maslahatyna – «GITEX Global 2025» gatnaşdy.
Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan tarapyndan täze multimodal ýük gatnaw ugry işe girizildi. Açylyş dabarasy 15-nji oktýabrda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyň Kaşgar şäherinde geçirildi. Şol ýerden ýedi ýük ulagynyň Gyrgyzystan serhedine tarap ugrandygy habar berildi.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi 14–16-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilýän “Duşenbe-İnvest–2025” atly halkara forumyň ýörite sessiýasyna gatnaşdy hem-de çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynyň resmi habarlary habar berdi.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly IV halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Şu gezekki forum durnukly ulag ulgamyny ösdürmek hem-de pudagyň sanlylaşdyrylmagy babatynda gazanylýan üstünlikler nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.