Türkmenistan bilen Eýran sebitara işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda EYR-nyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň ýolbaşçylygyndaky işewür wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlar 2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparyny hoşallyk bilen ýatlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda goňşuçylyk hem dost-doganlyk ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändiklerini nygtadylar.

Duşuşykda Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda syýahatçylyk, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşylyp, haryt üpjünçiligi, eksport, import meselelerine hem üns berildi.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylýandygy nygtalyp, Demirgazyk Horosan welaýatynyň wekiliýeti gurluşyk hem senagat ulgamynda Türkmenistan bilen işewür gatnaşyga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen wekiliýeti hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-22-ne Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisini iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynyň günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň  nobatdaky subutnamasy hökmünde belledi we türkmen-eýran dostlugynyň ebedi bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewürler duşuşygynyň iki ýurduň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmekde hem-de ykdysady mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirildi.