Germaniýanyň Frankfurt şäherinde 30–31-nji oktýabrda geçirilen “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” atly forumynyň birinji gününiň jemleri boýunça türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 12 sany çarçuwaly ylalaşyk (memorandum) baglaşyldy.
Hususan-da, “TMT Consulting Group” “Müsaid Hessen”, “Asset Capital” we “Bey International FDI” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol goýdy, “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bolsa “John Deere” we “Wirtgen Group” kompaniýalary bilen ylalaşyklary baglaşdy. Mundan başga-da, “Ýaş Syýahat” hususy kärhanasy “John Deere” we “Zeppelin Buamaschien” kompaniýalary bilen ylalaşyklary baglaşdy.
Forumyň çäginde kompaniýalaryň arasynda 86 sany duşuşyk, döwlet edaralary bilen 38 sany duşuşyk geçirildi. Türkmenistan tarapyndan 106 wekil bolup, olaryň 43-si döwlet edaralarynyň, 63-si bolsa hususy pudagyň wekilleridir. Foruma jemi 232 adam gatnaşdy.
Bu halkara çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen kompaniýa guramaçylyk we aragatnaşyk babatynda doly goldaw berdi.