Aşgabatda çarşenbe güni “Türkmentel-2025” atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
“Türkmentel-2025” halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda “Ozon”, “Huawei”, “Nokia”, “Cisco”, “Juniper”, “Thales”, IBM, “Mitsubishi”, “Turkish Post”, “Kras-Logistics GmbH”, “China CAMC Engineering”, “China Harbour Engineering Company” ýaly dünýä belli kompaniýalar bar.
Serginiň çäklerinde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ulgamynda täze innowasion çözgütler görkeziler. Şunuň bilen birlikde, “FinTech” forumynyň, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň okuw sapagynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Halkara startap-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025” atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar guralar.
“Türkmentel-2025” atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025” atly halkara maslahat we sergi 14-nji noýabra çenli dowam eder.