Russiýadan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Eýrana baryp ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Eýranyň IRNA agentligi habar berdi.
Otlynyň düzüminde kagyz, sellýuloza hem-de beýleki senagat önümleri ýerleşdirilen 62 sany 40-futlyk konteýner bardy.
Ýük otlusy 12 günüň içinde Russiýanyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçip, Eýrana baryp ýetdi. Ýükleriň bir bölegi Eýrana, galan bölegi bolsa Yraga ugradyldy.
Habarda bellenilişine görä, bu gatnaw Russiýa, Eýran hem-de Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda yzygiderli demir ýol aragatnaşygyny ýola goýmagyň başlangyjy boldy.
"Demirgazyk — Günorta" halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugruny ösdürmek, Demirgazyk Ýewropa, Russiýa, Hazar sebiti, Eýran we Hindistan arasynda söwda gatnaşyklaryny has çalt we amatly ýol arkaly ýola goýmaga mümkinçilik berýär.