Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Brýusselde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Brýusseldäki (Belgiýa) baş edarasynda 25-nji iýunda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Geňeşiniň 147-nji we 148-nji mejlisleri öz işine başlady. Bu çärä Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Häzirki mejlisleriň gün tertibinde strategik meseleleriň giň toplumy göz öňünde tutulýar.

Bu ýokary derejeli foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň halkara gümrük ulgamyna has-da işjeň goşulyşmaga, serhet infrastrukturasyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga we BGG-niň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň esasy ugry Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Ian Saundersiň arasynda geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşykdyr. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, Bütindünýä gümrük ulgamynyň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmak we ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Çäre 27-nji iýunda çenli dowam eder.