‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

“Dostluk” atly nebit tankeriniň Türkmenistana gowşurylmagy azerbaýjan-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. ‘Baku gämi gurluşyk zawodynda gurlan “Dostluk” tankeriniň Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana gowşurylmagy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we özara ynamyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu taslama Azerbaýjanyň gämi gurluşyk ulgamyndaky gazananlaryny we ýurdumyzyň ýokary senagat mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek görkezýär’, diýip Azerbaýjan respublikasynyň ulag ministri beýan etdi. Bu barada “X” habarlar gullugy habar berýär. Nabiýew täze tankeriň azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.