Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy terminalynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň bilelikde guramagynda guralan bu çärä deňiz ulaglary ulgamynyň hünärmenleri we ýaş işgärleri işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy gün tertibi 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde sowgat berlen "Dostluk" nebit tankerine bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda çykyş eden hünärmenler täze gäminiň ýurdumyzyň deňiz flotuna goşulmagynyň iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary has-da berkitjekdigini aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar "Dostluk" tankeriniň sebitdäki ulag-logistika mümkinçiliklerimizi we nebit-gaz önümlerini daşamak kuwwatymyzy artdyrmakdaky ykdysady ähmiýeti barada giňişleýin pikir alyşdylar. Şeýle hem ýaş hünärmenleriň öňünde durýan wezipeler, kämil gämileri dolandyrmakda häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmegiň zerurlygy ara alanyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň deňiz ulgamynyň halkara ülňülere laýyklykda ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirip, olaryň tutýan tutumly  işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.