Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi

3-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga alan we Ruhyýet köşgüne çenli dowam eden 11 kilometrlik bu sport çäresine Hökümet agzalary, diplomatlar, talyplar we türgenler ýaly jemi iki müňden gowrak adam gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Gökderede dynç alýan Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen bellenilýän bu halkara şanly sene diňe bir ýurt içinde däl, eýsem Türkmenistanyň Russiýadaky, Saud Arabystanyndaky, Özbegistandaky, Gruziýadaky, Fransiýadaky we Owganystandaky (Hyrat) diplomatik wekilhanalary tarapyndan hem daşary ýurtlarda giňden bellenilip geçildi. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän bu baýramçylygyň döredilmeginde Türkmenistan esasy başlangyçlary öňe süren ýurtlaryň biri bolup durýar.