Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen halkara düzümleriň çäklerinde hereketleriň utgaşdyrylmagyny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.