Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolup, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de guramanyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy.

Tawriçeskiý köşgünde geçirilen duşuşyklarda kanun çykaryjylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we guramanyň 2025-nji ýyldaky işiniň netijeleri ara alanyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda hemişelik bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasyna uly ähmiýet berýändigini belläp, şu ýylyň güýzünde ýurdumyzda geçiriljek iri çärelere wekiliýet ýolbaşçylaryny çagyrdy. Saparyň çäklerinde Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary we GDA PA-nyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Duşuşyklara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzyň halkara parlamentara gatnaşyklary we zenanlar parlamentarizmini ösdürmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdiler.