Gruziýa türkmen gazyny Türkiýä üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýar
Gruziýa öz çäkleriniň üsti arkaly türkmen gazyny Türkiýä ibermekde täze taslamalary goldaýar hem-de bu ugurda goldawlary bermäge taýýar. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili Gruziýanyň döwlet garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlap çap edilen makalasynda mälim etdi.