Türkmenistan bilen Lihtenşteýn diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy Nýu-Ýork şäherinde Bilelikdäki Beýannama gol çekmek bilen diplomatik gatnaşyklary resmi taýdan ýola goýdular. Taryhy ähmiýetli bu dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” resmi saýty habar berdi.