«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.