Türkmenistanda täzelenen Farap gümrük toplumy açyldy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna gabatlanyp, Lebap welaýatynda, Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän “Farap awtoýollary” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işi tamamlandy. Halkara ölçeglere laýyk gelýän täze toplum Türkmenistan bilen Özbegistanyň we beýleki sebit ýurtlarynyň arasynda möhüm üstaşyr geçelge bolar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly resmi saýty habar berýär.