Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentligi bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-nji aprelinde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleri gatnaşdy.