2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pudagyň kanunçylyk düzgünlerine goşmaçalary girizýän “Awtomobil ulagy hakynda” Kanuny tassyklady. Bu resminama awtoulag ulgamyndaky işleri dolandyrýan ugurdaş döwlet düzümleriniň ygtyýarlyklaryny giňeldýär diýlip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda habar berilýär.
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen sişenbe güni geçiren duşuşygynda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäginde işewürligi ýöretmäge hem-de türkmen kompaniýalaryny ýapon bazarynda ilerletmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan “Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory” adyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
2025-nji ýylyñ 15-nji aprelinde "Awaza" milli syyahatçylyk zolagyndaky "Deňiz" myhmanhanasynda "Oakeshott Insurance" kompaniýasynyñ wekili tarapyndan ätiýaçlandyryş boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahata "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň we onuň garamagyndaky edara kärhanalaryň degişli hünärmenleri gatnaşýar.
2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Bu barada TDH habar berýär.
2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň mejlisiniň resmi saýty habar berýär.
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”.
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.