2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Samarkant şäherinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar şeýle hem energiýa üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝB-niň “ýaşyl” energetikany ösdürmek ugruna laýyklykda energiýa serişdeleriniň durnukly üpjün edilmeginiň we pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçirilen gepleşikler ykdysady, energetika, ulag we tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine aldy. Medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Energetika meseleleri taraplaryň söhbetdeşliginiň gün tertibinde möhüm orun eýeledi. Duşuşyga gatnaşyjylar öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ornaşdyrmagyň we energetika serişdeleriň durnukly iberilişini üpjün etmegiň zerurdygyny bellediler. Munuň özi Ýewropanyň “ýaşyl’ energetika ugruna hem laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Samarkant şäherinde saparda bolýar.