2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda 680 belgili Kararyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, gämi gurluşygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, baglaşylan şertnama laýyklykda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň bilelikdäki gurluşyk boýunça alyp barylýan işleriniň çäklerinde, “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň hil barlag bölüminiň hünärmenleri I we II derejede zeper ýetirmeleriň barlaglary (NDT) boýunça sertifikatlaşdyryşdan üstünlikli geçdiler.
Hünärmenler ultrases (UT) we magnit toz (MT) barlag usullary boýunça sertifikatlary aldylar. Bu usullar kebşirleme işleriniň ýokary hilini üpjün etmekde möhüm bolup, geljekki gämileriň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
“Balkan” zawodynyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy kärhananyň gämi gurluşyk pudagyndaky iň ýokary halkara standartlara ygrarlydygyny tassyklaýar we hünärmenleriň işlerini halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyrýandygyna kepil geçýär.