Türkmenistan we ÝB LLDC3 çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Awazada geçýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşykda, ýokary derejeli aragatnaşygyň berkidilmeginiň, iki we köptaraplaýyn görnüşlerde hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem, 2025-nji ýylyň aprelinde geçirilen "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" Birinji Sammitiniň netijeleri we Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, energiýa we ulag ýollaryň ösüşi, şeýle hem sanlaşdyrma ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar "Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi" Bilelikdäki Komitetiniň, Parlamentara Dialogynyň we beýleki hyzmatdaşlyk hereketleriniň netijeligini belläp geçdiler. ÝB-niň wekilleri maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.

Eduard Stipraýs LLDC3 maslahatynyň çäklerinde, Ýewropa Bileleşiginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara goldaw bermek üçin anyk strategiýany işläp düzüp, maliýeleşdirme, infrastruktura we söwda ulgamyna aýratyn üns berilendigini nygtady.