Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary bilen Kipr Respublikasynyň Gämi gatnawlary ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary bilen Kipr Respublikasynyň Gämi gatnawlary ministriniň orunbasary hanym Marina Çatzimanoliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Marina Çatzimanoli Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda, hususan-da, deňiz gatnawlary boýunça gazanylan ösüşler bilen tanyşdyryldy. Öz nobatynda, türkmen tarapy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, onuň tehniki we logistiki üpjünçiligi hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Duşuşykda taraplar deňiz portlarynyň dolandyrylyşy, sanly çözgütleriň orny, halkara ýük daşamalaryndaky utgaşdyrmak meseleleri we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem, Kipr bilen Türkmenistanyň arasynda deňiz we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hünärmenleriň taýýarlygy boýunça maksatnamalary amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Taraplar bu duşuşygyň özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler we gelejekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyny nygtadylar.