15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna bardy. Bu barada “Atavatan-Turkmenistan” resmi habarlar gullugy habar berýär.
Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
15-nji oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon iş sapary bilen Baku şäherine bardylar.
Türkmenistan bu geňeşiň synçy agzasydyr.