Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde sebitiň geljekki ösüşine gönükdirilen möhüm kararlar kabul edildi. Çözgüde laýyklykda, Arkalaşygyň çäklerinde 2028-nji ýyl Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýyly, 2029-njy ýyl bolsa Ulag arabaglanyşygy ýyly diýlip yglan edildi. Bu başlangyçlar agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we durmuş hyzmatdaşlygyny täze tapgyra götermegi maksat edinýär.

2028-nji ýyly Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýyly diýip yglan etmek başlangyjy Gyrgyzystana degişli bolup, ol Arkalaşyga agza döwletleriň ilaty durmuş taýdan goldamak, zähmet bazaryny işjeňleşdirmek we raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirer. Ýylyň dowamynda zähmet we durmuş ulgamyndaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, täze synag taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de iň gowy tejribeleri ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, hukuk, durmuş-ykdysady we demografik syýasat meseleleri boýunça giň gerimli halkara forumlar hem-de pikir alyşmak meýdançalary guralar.

2029-njy ýyly GDA-nyň Ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüt bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edildi. Bu karar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda bellenen maksatlaryň we logistika meýilnamalarynyň logiki dowamydyr. Arkalaşygyň çäklerinde ulag infrastrukturasyny ösdürmek, dürli ulag görnüşleriniň işini utgaşdyrmak, pudagy sanlylaşdyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly çäreler sebitdäki ykdysady integrasiýany we daşary söwda gatnaşyklaryny has-da güýçlendirer.

Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde logistika we infrastruktura mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary durnukly hem-de elýeterli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegi, deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin mümkinçilikleri giňeltmegi we Hazar sebitinde köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegi öz içine alýar. Bularyň hemmesi durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibine doly laýyk gelip, Birleşen Milletler Guramasynyň 2026–2035-nji ýyllary Durnukly ulag boýunça onýyllyk diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar.