Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2026) ilkinji gününde ýurdumyzyň döwlet edaralary hem-da daşary ýurtlaryň öňdebaryjy senagat we tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny öz içine alýan halkara resminamalara gol çekildi.
Ulag-kommunikasiýa ugry boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Koreýa Respublikasynyň "OnU H&C" jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen, Demir ýol ulaglary ministrligi bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň "CSCEC International Construction Co., Ltd." kompaniýasy bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalara gol çekdiler.
Suw hojalygy we deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Niderlandlaryň "Damen Workboats B.V." we "Liamol Trading GmbH" kompaniýalary bilen degişli Ähtnamany baglaşdy. Resminama suw desgalarynyň düýbüni çuňaltmak we kömekçi gämiler flotuny abat saklamak hamana kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalary göz öňünde tutýar.
Himiýa we nebit-gaz senagatynda "Türkmenhimiýa" döwlet konserni Hytaýyň "Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd." şirketi bilen pudagy ösdürmek boýunça Ähtnama, "Türkmen enjam" hojalyk jemgyýeti bilen bolsa "Tejenkarbamid" zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek barada şertnamalara gol çekdi. Şeýle hem, "Türkmennebit" döwlet konserni Germaniýanyň "Hybrid Innovation GmbH" kompaniýasy bilen TNGZIT-de poddon öndürýän täze önümhananyň taslamasyny düzmek we gurmak barada Şertnama bağlaşdy.
Pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm ädimleriniň biri hökmünde "Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" AGBJ bilen "Damen Technical Cooperation B.V." hem-de "Liamol Trading GmbH" kompaniýalarynyň arasynda 2026–2036-njy ýyllar üçin strategik Ähtnama baglaşyldy. Bu resminama ýurdumyzda gämi gurluşygy, gämi abatlaýyş, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçiligi ösdürmek ugrunda 10 ýyllyk uzak мöhletleýin hyzmatdaşlyga giň ýol açýar.
TIF 2026-nyň çäklerinde gazanylan bu ylalaşyklar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge uly türtki berer.