Işewürlik we maliýe jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän uly göwrümli çäre “Türkmenistanyň Maýa goýum forumy — 2026” (TIF 2026), 1-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Iki günlük halkara forum 2-nji oktýabra çenli dowam eder.
Halkara Forumyň metbugat hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde “Ata Watan Media” topary hem bu möhüm çärä işjeň gatnaşýar we onuň barşyny giňden mahabatlandyrmak işlerini amala aşyrýar.
Bu gezekki maýa goýum forumy öz gerimi boýunça örän giň bolup, oňa dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 200-den gowrak iri halkara kompaniýalaryň, maliýe edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Forum 8 sany sessiýa we ikitaraplaýyn işewürlik gepleşikleri öz içine alýar. Maslahatda nebitgaz we himiýa senagaty, energetika we gurluşyk ulgamlary, ulag-logistika hem-de söwda mümkinçilikleri, oba hojalyk işewürligi, innowasiýalar we ýaşyl özgertmeler ýaly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýurdumyzyň maýa goýum gurşawyna we gelejegi uly taslamalaryna halkara maliýe edaralarynyň hem gyzyklanmasy ýokarydyr. Forumyň işine Bütindünýä banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de Hytaýyň eksport-import banky ýaly dünýäniň abraýly banklary gatnaşýar. Şeýle hem çärede “Oppenheimer & Co.”, “Moody’s”, “Fieldfisher”, “Canaan” we “Bitdeer” ýaly halkara derejedäki iri kompaniýalaryň we agentlikleriň ýokary wekilleri ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin jemlendiler.
Aşgabatda öz işine başlan bu forum Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalaryň binýadyny goýmaga uly itergi berer.