Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ähli welaýatlarymyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
27-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýöriş guraldy. Bu belent çäre goranmak we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, şeýle hem döwrebap harby tehnikalaryň hem-de ýaraglaryň dabaraly ýörişi bilen başlandy. Harby gullukçylar öz ussatlyklaryny we ýokary taýýarlygyny uly buýsanç bilen görkezdiler.
Dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkymyza baýramçylyk gutlagyny ýollady. Döwlet Baştutany öz çykyşynda Garaşsyzlygy milli döwletliligimiziň sarsmaz binýady hem-de halkymyzyň baş buýsanjy hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem, ol ýurdumyzda täze şäherleriň, obalaryň we ajaýyp binalaryň gurulýandygyny, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ýokary zähmet görkezijilerine ýetilýändigini hem-de ykdysady durnuklylygyň berkidilýändigini nygtady.
Şanly ýörişe hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.