2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamlaryň birnäçesine gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Burkina Fasonyň Daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, «Sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip gurmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» atly Tehniki goldawyny bermek boýunça Taslama resminamasyna, şeýle hem «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ösdürmek» taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.