BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çärede, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary jenap Çoriew Žasurbek Ergaşewiç “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna resmi sapar bilen geldi.
Sapara kärhananyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Myhmanlara zawodda bar bolan döwrebap infrastruktura mümkinçilikleri, öňdebaryjy tehnologiýalar we möhüm önümçilik tapgyrlary – gämi gurluşygy hem-de gämi abatlaýyş işleri boýunça giňişleýin tanyşdyrylyş geçirildi.
Sapar tamamlanandan soň, jenap ministr orunbasary kärhananyň işini ýokary bahalap, zawod işgärlerine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Ol bu kärhananyň ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyndaky ähmiýetini belläp, onuň mundan beýläk-de ösüşiniň we gülläp ösmeginiň zerurdygyny nygtady.