Gollandiýada geçirilen sergide türkmen milli egin-eşikleri we şaý-sepleri görkezildi
Niderlandlar Patyşalygynyň Eýndhowen şäherinde ýekşenbe güni Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi geçirildi. Onuň dowamynda aýratyn hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň türkmen milli egin-eşikleri we şaý-sepleri bilen tanalýan “Mengli Secrets World Fashion” moda öýi bilen hyzmatdaşlykda guran pawiliony sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.