Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar
2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.