2022-nji 14-nji aprelinde Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine toý saparynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi.
2022-nji ýylyň 5-nji martynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlara Halkara Zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
2022-nji ýylyň 4-nji martynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň haýsy biriniň işine seredilende-de, Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ählisiniň gün-günden ösüşlere özgerişlere beslenýändigini görmek bolýar.
2022-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň “China Machinery Engineering Corporation” (CMEC) kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen bir hatarda Rumyniýanyň Konstansa deňiz portunyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdy.