2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) we Fransiýanyň tehniki hyzmatdaşlyk baradaky guramasynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän täze sebitleýin taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerine garaldy. GIZ we Fransiýanyň degişli guramasynyň bilermenleri bu taslamanyň esasan Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda söwdany we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag ulgamynda nyrh syýasatyny kämilleşdirmek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy arkaly dolandyryşy döwrebaplaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýandygyny bellediler.
Halkara bilermenler Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada maglumat berip, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagyna öz geňeşçilik hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyklaryny bildirdiler.
Türkmen tarapynyň wekilleri myhmanlara minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda deňiz pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin durup geçdiler. Hususan-da, milli gämi gurluşygy ugrunda gazanylan ösüşler, häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän gury ýük gämisiniň ýagdaýy we birinji gäminiň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda barýandygy nygtaldy. Şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada maglumat berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar teklip edilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň diplomatik ýollar arkaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan tertipde dowam etdirilmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlaryň indiki saparyny Täjigistanda dowam etdirjekdikleri bellenildi.