Baku şäherinde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara maýa goýumlaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, işewürlik, söwda, energetika pudagy, ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, senagat önümçiligi hem-de oba hojalyk toplumyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow duşenbe güni özüniň internet sahypasynda habar berdi.
Toparyň mejlisinde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Azerbaýjan tarapyndan bolsa ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow wekilçilik edip, olar bilelikdäki toparyň başlyklary hökmünde çykyş etdiler.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi 2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi.