27-nji martda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi.
“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli “Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti täze önümleri, ýagny kakadylan miweleri öndürip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda 2024-nji ýylyň 25-nji martynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň “Türkmenistan howa ýollary” milli howa gatnawynyň Türkiýedäki wekilhanasynyň resmi web sahypasy açyldy.
«BAR Technologies» kompaniýasy gämiler üçin innowasion ýelkenleri döretdi. Olaryň esasy aýratynlygy gämileri ekologiýa taýdan arassa, deňiz ýük daşamalaryny bolsa has amatly etmek ukybydyr.
21-nji martda, “Fujian Shipbuilding Industry Group” kompaniýanyň şahamçasy bolan “Fujian Funing Shipbuilding Heavy Industry Co.” kompaniýasy Funszýan prowinsiýasynda diňe elektrik akkumulýatorlary arkaly işleýän ägirt uly derýa ýolgaçy gämisi bolan, “Minjiang Huiketin” birinji ýüzüşini amala aşyrdy. Bu barada “iMarine” habar beriş internet sahypasy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
2023-nji ýylda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ýük dolanyşygy 2022-nji ýyly bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler Russiýanyň federal gümrük gullugynyň giöişleýin maslahatynda aýdylyp geçildi – diýip portnews.ru habar beriş internet sahypsy habar berdi.
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň we Eýranyň Rumyniýadaky ilçihanalary Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly çäre gurady. Baýramçylygyň çäginde halk döredijiliginiň dürli öwüşginli çykyşlary geçirildi, bu baýramçylygy belleýän halklaryň milli aşhanasynyň tagamlary hödürlendi we gutlaglar okaldy.
«OpenAI» emeli aň modeliniň indiki nesli bolan «GPT-5» satuwa çykarmagylmagynyň bosagasynda. «Business Insider» tarapyndan berilýän habara görä,onuň satuwynyň tomusda başlanmagy meýilleşdirilýär, ýöne bu ýagdaý üýtgäp hem biler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýolbaşçysy M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Türkmenistan we Italiýa Tirren deňziniň merkezi böleginiň Port dolandyryş müdirligi hem-de Italiýanyň “Rete Ferroviaria Italiana” (RFI) demir ýol tory bilen özara düşünişmek hakynda iki sany Ähtnama baglaşdy. Bu barada Italiýanyň Infrastruktura we ulag ministrligi çarşenbe güni habar berdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşýän «Deňiz» myhmanhanasy, müşderileriň teswirleri boýunça Google-yň ýokaryhyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,8 göterimini Türkmenistandan we Gazagystandan iberilen nebit düzdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 184,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy türk halklarynyň gadymy baýramy — Nowruz baýramy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:
20-nji martda Türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz gününi giňden belleýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar sişenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.