8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň hyzmat edip başlamagy mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy.
Döwrebap gämi Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dolulygyyna gurlup gutaryldy. Koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşykda durmuşa geçirilen bu taslama milli deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny berkitmekde we ýurdumyzyň gämi gurluşyk senagatyny belentliklere götermekde möhüm ädim boldy.
Döwlet Baştutany dabarada eden çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň yzygiderli görnüşde sebitiň iri logistik merkezine öwrülýändigini aýratyn nygtady.
Hususy flotuň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek hem-de «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» strategik geçelgelerini ösdürmek ugrunyň esasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde ulag diplomatiýasyny işjeň ilerletmekde öňdebaryjy orun eýeleýändigini belledi.
«Gadamly» gury ýük gämisiniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna barabar bolup, ol 240 sany standart konteýneri gatnatmaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Gäminiň tehniki görkezijileri halkara ülňülerine doly laýyk gelýär we bu ýörite şahadatnamalar bilen tassyklanylandyr.
Bu gäminiň işe girizilmegi Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly amala aşyrylýan üstaşyr we içerki ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de bir meňzeş gäminiň — «Menzil» atly gäminiň dabaraly açyljakdygyny habar berdi.
Täze ýük gämileri Hazarýaka döwletleriniň arasynda yzygiderli gatnawlary ýola goýar, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine we Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine ýardam eder.