15-nji aprelde Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasynyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän gämileriň halkara konwensiýalarynyň talaplaryna laýyklygyny tassyklamak üçin gözden geçiriş ygtyýarlyklaryny Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasyna bermek hakyndaky ylalaşmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2012-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we tehniki maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, deňizçilik bilimini halkara standartlara (STCW) laýyk getirmek, hünärmenleri diplomlaşdyrmak hem-de Türkmenistanda döwrebap okuw-türgenleşik merkezini döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň netijesi deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we iki ýurduň pudaklaýyn edaralarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary täze hile çykarmakda möhüm ädim boldy.