2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we portuň ýolbaşçy düzüminiň Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň başlygy Şarlotta Adrianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Maslahatyň barşynda Hazarüsti ulag koridorynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we bu ugurda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň strategiki ornuny has-da berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy portuň häzirki zaman kuwwatlyklary, ýük dolanyşygynyň ugurlary we portda ornaşdyrylan Ýewropa önümi bolan häzirki zaman enjamlary barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan taslamalar, täze gämi gurluşygy boýunça yglan edilen halkara bäsleşikler hem-de ýurdumyzyň Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) gatnawlary ýeňilleşdirmek baradaky (FAL) konwensiýasyna goşulmak ugrundaky yzygiderli ädimleri barada durlup geçildi.
Gämi ýüzüş kanallarynyň çuňlugyny saklamak maksady bilen, täze deňiz düýbüni çuňaldyjy gämileriň satyn alnandygy we bu görnüşli gämileriň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyň özünde hem gurulýandygy aýratyn nygtaldy. ÝB-niň wekili Şarlotta Adrian Türkmenbaşy portunyň halkara ulag koridorlarynyň çatrygyndaky strategiki ähmiýetine ýokary baha berip, ýük akymyny has-da artdyrmak üçin portda iş alyp barýan ähli gulluklaryň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny belledi.