Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Sergide gurluşyk tehnologiýalary we tehnikalary, gapylar we penjireler, ýyladyş we sowadyş ulgamlary, ýylylyk we ses izolýasiýa materiallary, üstki örtükleri we diwar çözgütleri, fasad örtükleri, elektrik we yşyklandyryş enjamlary, metizler we gurallar, hojalyk tehnikalary we keramika önümlerine çenli harytlaryň giň görnüşleri görkeziler.
Şeýle-de çärede oba hojalyk hem-de gaplama önümleri, kosmetika we himiýa serişdeleri, degirmen enjamlary, azyk önümleri we azyk senagaty üçin niýetlenen enjamlar, öý tekstili, mebel we dürli aksessuarlar, myhmanhana pudagy üçin niýetlenen enjamlar hödürlener. Bu barada Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklary boýunça geňeşi habar berýär.
Mundan öňki Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 2024-nji ýylyň 4–6-njy dekabry aralygynda Aşgabatda geçirilipdi.