6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde «Baglanyşyk ýoly: serhetleriň aňyrsyndaky sanly ulgam mümkinçilikleri» atly tematik sessiýa geçirildi.
Sesssiýa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew, aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň we telekommunikasiýa pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda sanly infrastruktura arkaly uzakda ýerleşýän sebitlerde hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak meseleleri, oba ýerlerinde durmuşa geçirilýän sanly taslamalaryň ähmiýeti, şeýle hem gender we sebitara sanly deňsizlikleriň azaldylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sesssiýanyň aýratyn bölegi serhetara sanly söwdanyň mümkinçiliklerine we onuň hukuk binýadynyň sazlaşdyrylmagyna bagyşlandy. Çykyş edenler ýurtlaryň arasynda sanly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini nygtadylar.
Forumda çykyş eden türkmen wekilleri ýurdumyzyň sanly ösüş babatda gazanan tejribesini paýlaşyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtadylar.