Ugandanyň Premýer-ministri Robina Nabbanja, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Robina Nabbanjany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow garşylady. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Maslahatyň dowamynda Robina Nabbanjanyň Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweniniň ýüzlenmesini okamagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, Uganda Gündogar Afrikada ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolup, onuň ilaty 50 milliondan geçýär. Ýurduň ajaýyp tebigatyny göz öňünde tutmak bilen, oňa «Afrikanyň göwheri» hem diýilýär.
Ýurduň Premýer-ministriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagy Afrikada öz ornuna eýe bolan Ugandanyň ykdysady ösüşine hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna täze itergi berer.