Awazada Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.

TDH-niň habar bermegine görä, giň möçberli çäre durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny we Hereketleriň Awaza Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin hökümetleriň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat pudagynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşýarlar.

Raýat jemgyýetine, ylmy jemgyýetçilige, hususy pudaga hem-de döwlet düzümlerine ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança döretmek, DÇBÖBD-de durnukly ösüşe ýardam berýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň we strategiýalaryň mysallary bilen tanyşdyrmak, innowasion çözgütleri we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.

Bu forum maliýe, söwda, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça ählumumy syýasy gün tertibinde DÇBÖBD-iň ileri tutulýan ugurlarynyň nazara alynmagyna ýardam berýän möhüm ädim bolar.