2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Osakada “EKSPO-2025” halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Milli pawilýonynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm ädimi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýokary tehnologiýalar, innowasiýa ulgamlary, sanly ykdysadyýet, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikler geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýapon işewürleriniň türkmen bazaryna çykmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem, türkmen kompaniýalaryna ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmek ýaly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen çäre diňe iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem itergi berýär.
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Osakada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýapon işewürlik düzümleriniň wekilleri bilen duşuşdy.