«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çäginde ornaşdyrylan laboratoriýada synaglar geçirilip başlandy

Türkmenistanda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen, onuň ulag pudagy hem ösýär we halkara derejelerine ýetýär. Ýagny, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde  dünýä ülňelerine laýyk gelýän ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň «Russiýanyň Deňiz Gämi Gatnaw Registri» klassifikasion jemgyýetiniň 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda berlen 7.1.4.3 belgili şahadatnamasy esasynda,  häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çäginde ornaşdyrylan laboratoriýasy doly derejede güýje girizildi we  şu aşakdaky dargaýan usully synaglary geçirmäge mümkinçilikleri bar:

1.             Nusgalary statiki dartyş usul bilen barlamak;

2.             Nusgalary Statiki dartyş usul bilen uzyn silindr görnüşli barlamak;

3.             Nusgalary Statiki egreltmek usul bilen barlamak;

4.             Nusgalary Statiki dargama usul bilen barlamak;

5.             Nusgalary urgy esasynda egrelmä garşy jydamlylygyny barlamak;

6.             Nusgalaryň gatylygyny we jydamlylygyny ölçemek;

7.             Nusgalary kebşirlemeden soňky metallar bilen sintetiki birikmelerini barlamak.