Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem ykdysadyýet we ösüş ulgamynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Tegelek stol maslahatyň dowamynda AÖB bilen Türkmenistanyň bilelikdäki täze taslamalary barada maglumat berildi. Şeýle-de, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen AÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek, hususy pudagy goldamak, adam maliýesini ösdürmek we durnukly ösüş ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Tegelek stol maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Merkezi Banky bilen AÖB-nyň arasynda Aşgabatda Lukmançylyk orta okuw mekdebini gurmak taslamasyna karz serişdelerini bermek baradaky ylalaşyk Teswirnamasyna gol çekildi.