Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhedindäki Temir Baba barlag nokadyny kämilleşdirer

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki Temir Baba ýaly bäş awtoulag barlag nokadyny döwrebaplaşdyrar. Bu barada Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdeji komitetiniň başlygynyň orunbasary Bakythan Slýamow metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Zakon.kz-iň habar berşi ýaly, Temir Baba barlag nokady häzirki zaman gözegçilik we maglumatlary gaýtadan işlemek ulgamlarynyň ornaşdyryljak ileri tutulýan desgalarynyň biridir, bu serhet geçelgesiniň geçirijilik ukybyny we ýükleriň geçiş tizligini ep-esli ýokarlandyrar.

Jemi Gazagystanyň döwlet serhedinde 52 awtoulag barlag nokady bar. Olardan 6-sy eýýäm, Hytaý bilen serhetdäki Nur Joly, Kalžat we Alakol, şeýle hem Özbek tarapynda Baurjan Konyspaýew, Kaplanbek we Atameken ýalylar, üstünlikli döwrebaplaşdyryldy.

Temir Babadan başga-da, 2025-nji ýylda Kazygurt we Täjen (Özbegistan bilen serhet) we Maýkaçagaý we Bagty (Gyrgyzystan bilen serhet) barlag nokatlary hem döwrebaplaşdyrylar.