Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin sport çäreleri geçirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde yglan edilen bu halkara sene Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda yglan edilen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi gurady.
Çärä döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, Gyrgyzystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şol bir gün Wena şäheriniň Donauinzel seýilgähinde Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy meňzeş çäräni geçirdi. Çärä Awstriýada wagtlaýyn ýaşaýan we bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Serena myhmanhanasy bilen bilelikde Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady. Çäräniň Halkara çagalar gününe gabat gelendigi sebäpli ýörişe badalga bermekde ýaş gatnaşyjylara aýratyn üns berildi.
Welosipedli ýöriş Pakistanyň Prezidentiniň Köşgüniň garşysyndaky D-Çowk meýdançasyndan başlandy we Serena myhmanhanasynyň söwda toplumynda tamamlandy.
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Kazanka derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Uram» ekstrim seýilgähinden başlap Kazan Kremline çenli geçirilen welosipedli ýörişe Türkmenistanyň konsullygynyň işgärleri we Kazan şäherinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň guramagynda birnäçe futbol toparlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlarynyň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy geçirildi.
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Buharest şäher häkimligi we «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşigi goldaw berdi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Ilçihanalaryň, Rumyniýanyň DIM-niň wekilleri, türkmen raýatlary hem-de Rumyniýada bilim alýan talyplar gatnaşdylar.
Çäreleriň dowamynda Bütindünýä welosiped gününiň yglan edilmeginiň, durnukly ösüşe, raýdaşlyga we jebislige bolan islegi alamatlandyrýan ählumumy gymmatlyklary wagyz etmekde Türkmenistanyň möhüm goşandyna öwrülendigi bellenildi.