Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Mongoliýa iki günlük döwlet sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Ukhaa” Halkara howa menziline gelip gondy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Saparyň çäklerinde taraplar özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmegi meýilleşdirýärler.
Şeýle hem saparyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmen-mongol işewürler forumyny, türkmen halysynyň sergisini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň görkezilişini hem-de iki ýurduň sungat işärleriniň gatnaşmagynda medeni çäre geçirmek meýilleşdirilýär.